English فارسی Русский Ўзбекча O'zbekcha Türkmençe 中文 العربي ภาษาไทย azərbaycan dili Uyghurche қазақ тілі Español Tiếng Việt

ALERT: The Psiphon Team has discovered a specific instance of malware disguised as a Psiphon 3 Windows executable. The malware is being distributed as a zip file named "pisphone3.zip" on www.copy.com and may be available from other sources. The zip file contains a malicious binary named "pisphone3.exe" with the properties described at Virus Total. Note the misspelling of the name. This Windows executable is not digitally signed by Psiphon Inc. Never run a fresh download of Psiphon without checking its digital signature, as described here.

Windows üçin Psiphon 3-i synap görüň

Täze! Android üçin Psiphon 3-i synap görüň


Psiphon 3 näme?
Psiphon 3-i nädip alyp bilerin?
Mendäki Windows üçin Psiphon 3 hakykymy?
Windows üçin Psiphon 3-i nädip işledip bilerin?
Mendäki Android üçin Psiphon 3 hakykymy?
Android üçin Psiphon 3-i nädip işledip bilerin?
Psiphon 3 ulanyjy barada haýsy maglumatlary ýygnaýar?
Open Source
Beýleki köp soralýan soraglar

Psiphon 3 näme?

Psiphon 3 internet mazmunyna senzurasyz girmäge mümkinçilik berýän VPN, SSH we HTTP tehnologiýasyny ulanýan, Psiphon Inc. tarapyndan hödürlenýän dolanyşyk guralydyr. Psiphon 3 müşderiňiz senzura ilmezden geçmek mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin täze giriş nokatlary barada awtomatiki öwrener.

Psiphon 3 onlaýn mazmuna açyk girişi üpjün etmek üçin niýetlenendir. Psiphon siziň onlaýn gizlinligiňizi ýokarlandyrmaýar, şonuň üçin ony onlaýn gorag guraly diýip hasaplamaly ýa-da ulanmaly däl.

Psiphon 3-i nädip alyp bilerin?

Windows XP, Vista, 7, and 8 (desktop) ýa-da Android 2.2+ üçin müşderi programmasyny göçürip almak üçin baglanyşyga basyň.

iOSwe Mac OS X üçin Psiphon 3 müşderileri ýakynda çykýar.

Mendäki Windows üçin Psiphon 3 hakykymy?

Windows üçin Psiphon 3 hiç haçan gurnap bolýan toplum hökmünde paýlanmaýar. Windows üçin Psiphon 3 müşderisiniň hersi Psiphon Inc. tarapyndan gol çekilen ýeke-täk ýerine ýetirip bolýan (".exe") faýldyr. Müşderini işledeniňizde Windows bu goly awtomatiki barlaýar. Şeýle hem, faýlyň "Häsiýetler" gepleşigini açmak we "Sanly gollar" goýmasyny barlamak arkaly müşderini işletmezden ozal goly elde barlap bilersiňiz.

Kepilnama gepleşiginiň "Jikme-jiklikler" goýmasynda Psiphon Inc. kepilnamasynyň köpçülige açyk açarynyň SHA1 kiçi suraty görkezilýär. 2011-nji ýylyň 16-njy iýunyndan 2012-nji ýylyň 21-nji iýunyna çenli döwür üçin ýörgünli kepilnama üçin, SHA1 kiçi suraty:

8f:b7:ef:bd:20:a9:20:3a:38:37:08:a2:1e:0a:1d:2e:ad:7b:ee:6d
we 2011-nji ýylyň 21-nji maýyndan 2014-nji ýylyň 30-njy iýulyna çenli döwür üçin ýörgünli kepilnama üçin, SHA1 kiçi suraty:
84:c5:13:5b:13:d1:53:96:7e:88:c9:13:86:0e:83:ee:ef:48:8e:91

Windows üçin Psiphon 3 özüni awtomatiki täzeleýär we bu amal her täzelenmäniň hakykydygyny awtomatiki tassyklaýar.

Windows üçin Psiphon 3-i nädip işledip bilerin?

Müşderi programmasyny göçürip alyp, ony işlediň. Ony işledeniňizde, bu programmanyň Psiphon Inc. kompaniýasynyň kanuny önümidigini görkezýän howpsuzlyk sowalyny görersiňiz.

Psiphon 3-i işledeniňizde ol awtomatiki birigip başlaýar. Birigýärkä, pyrlanýan kiçi belgi görkezilýär. Aşakdaky ötük rejeleriniň birini saýlap bilersiňiz: VPN (IPSec üstünde L2TP ), SSH ýa-da SSH+ (SSH goşmak perde, protokolyň barmak yzy alynmaz ýaly SSH-iň ýokarsynda tötänleýin gatlak).

Ýaşyl reňkli kiçi belgi görkezileninde Psiphon serwerine birikme amala aşyrylýar. VPN rejesinde gelýän we gidýän mazmun awtomatiki usulda tutuşlygyna Psiphon 3 arkaly alnyp barylýar.

SSH we SSH+ rejelerinde Psiphon 3 Windows ulgamy proksi sazlamalaryny awtomatiki sazlaýar we şu sazlamalary berjaý edýän programmalarda gelýän hem-de gidýän mazmun Psiphon 3 arkaly amala aşyrylýar. Esasy web brauzerleriň ählisi bu sazlamalary öňünden kabul edilen görnüşde berjaý edýär.

Mundan başga-da, SSH we SSH+ rejelerinde Psiphon 3 bölünen ötük opsiýasyny hödürleýär, bu ýerde halkara gelýän we gidýän mazmun proksi arkaly amala aşyrylýar, ýurduň içindäki mazmun bolsa beýle däl. Bölünen ötügi işjeňleşdirmek üçin "Proksi etme..." opsiýasyny belläň. Bu opsiýa açyk mahaly proksi edilmedik domenler barada habar ýaýlasynda hasabat berilýär.

Programmany ýapanyňyzda Psiphon 3 birikmäni awtomatiki kesýär. Birikmäni açyp-ýapmak üçin kiçi belgä basyp hem bilersiňiz.

Mendäki Android üçin Psiphon 3 hakykymy?

ALERT: A recently reported vulnerability may cause Android app signature checking to falsely report malicious APKs as valid. We recommend that users turn on the Google Verify Apps feature as documented here.

Android üçin Psiphon 3 müşderisiniň hersi, Psiphon Inc tarapyndan sanlaýyn gol çekilen Android APK faýly (".apk") görnüşinde gowşurylýar. Psiphon Inc kepilnamasy köpçülige açyk açary aşakdaky ýalydyr:

Owner: CN=Psiphon Inc., OU=Psiphon Inc., O=Psiphon Inc.,
      L=Unknown, ST=Unknown, C=CA
      Issuer: CN=Psiphon Inc., OU=Psiphon Inc., O=Psiphon Inc.,
      L=Unknown, ST=Unknown, C=CA
      Serial number: 349480e5
      Valid from: Fri Jun 01 12:04:42 EDT 2012 until: Tue Oct 18 12:04:42 EDT 2039
      Certificate fingerprints:
      MD5:  BB:08:CD:91:22:FC:EB:17:1A:4A:3B:90:65:CE:2E:58
      SHA1: 49:2C:3A:49:20:F3:6B:AE:95:90:EB:69:A6:36:E9:88:A7:41:7A:95
      SHA256: 76:DB:EF:15:F6:77:26:D4:51:A1:23:59:B8:57:9C:0D:
      7A:9F:63:5D:52:6A:A3:74:24:DF:13:16:32:F1:78:10
      Signature algorithm name: SHA256withRSA
      Version: 3

APK faýlyny (1) arhiwden kepilnamany çykaryp almak we onuň barmak yzlarynyň ýokardaky baha kybapdaşdygyny barlamak we (2) APK-nyň kepilnama bilen gol çekilendigini tassyklamak arkaly ýörgünli edip bolýar. Mysal üçin, Unix we Java buýruk setiri gurallaryny ulanmak arkaly:

$ unzip -p PsiphonAndroid.apk META-INF/PSIPHON.RSA | keytool -printcert
      $ jarsigner -verbose -verify PsiphonAndroid.apk

Android üçin Psiphon 3 özüni awtomatiki täzeleýär we bu amal her täzelenmäniň hakykydygyny tassyklaýar.

Android üçin Psiphon 3-i nädip işledip bilerin?

Gurnamany başlatmak üçin Android e-poçtaňyzyň ýa-da brauzeriňiziň içinde Psiphon APK baglanyşygyna basyň.

Psiphon APK-ni gurnamak üçin Android enjamyňyzda söwda bazaryndan başga ýerden alnan programmalary gurnamaga rugsat berýän opsiýany açmaly. Android üçin Psiphon 3 özüni täzelär.

Psiphon 3 programmasyny işe goýbereniňizde ol Psiphon toruna awtomatiki birikmäge başlaýar.

Programma tora birigeninden soň ol öz içindäki Psiphon brauzerini işe goýberýär. Android üçin Psiphon 3 gelýän we gidýän mazmuny öňünden kabul edilen Android brauzeri ýa-da beýleki programmalar üçin awtomatiki amala aşyrmaýar.

Psiphon 3 ulanyjy barada haýsy maglumatlary ýygnaýar?

Psiphon-yň nähili işleýändigini anyklamak, haýsy saýtlaryň meşhurdygyny we haýsy ýaýraw strategiýalarynyň täsirlidigini bilmek üçin aşakdaky maglumatlary ýygnaýarys. Bu maglumatlar hyzmatdaşlarymyz bilen paýlaşylýar, onsoň olar öz saýtlaryna Psiphon arkaly näçe ýygylykda girilýändigini we haýsy ýurtlardan girilýändigini görüp bilýärler.

Ulanyjylaryň IP salgylary we e-poçta salgylary hiç haçan alynmaýar, ulanyjylar ulgamdan peýdalanmak üçin hasap döretmeli bolmaýarlar.

Hadysa žurnallary wagt möhürlerini, sebit kodlaryny (GeoIP kody) we hemaýatkär ID-si (haýsy Psiphon müşderisiniň ulanylýandygyna baglylykda kesgitlenýär), müşderi wersiýasy we protokol görnüşi ýaly şahsyýeti anyklamaýan häsiýetleri öz içine alýar. Sahypanyň görülmeginiň sany wagta we/ýa-da seansa görä jemlenýär.

Hemaýatkärler bilen paýlaşylýan ähli statistikalar senä, hemaýatkäre we sebite görä-de jemlenýär.

When you choose to submit feedback through Psiphon you will have the option of including diagnostic data. We use this data to help us troubleshoot any problems you might be having and to help us keep Psiphon running smoothly. Sending this data is entirely optional. The data is encrypted before you send it, and can only be decrypted by us. The information in the data varies by platform, but it may include:

Windows:

Android:

Hyzmatymyz bilen bagly meseläni çözmek üçin Psiphon belli wagtlarda goşmaça maglumatlary ýazga almaly bolýar. Şeýle ýagdaý ýüze çykanynda, nämäniň ýazga alynandygyny, onuň näçe wagt we näme üçin saklanjakdygyny görkezýän bir ýazuwy şu ýerde görkezeris.

Open Source

Psiphon 3 açyk çeşme taslamasy bolup durýar. Çeşme koduny we taslama resminamalaryny taslamanyň baş sahypasy-nda tapyp bilersiňiz.

Psiphon 3 clients use the following open source components.

Windows:

Android:

Beýleki köp soralýan soraglar

S: Psiphon 3 barada iň täze maglumatlary nireden alyp bilerin?

J: Poçta sanawlarymyza goşulyň:

S: Psiphon 3 IP salgym näme üçin ýygy-ýygydan üýtgeýär?

J: Psiphon 3 müşderiňiz täze Psiphon 3 serwerlerini awtomatiki tapar. Iň soňky gezek ulanylan serwer häzirki wagtda elýeterli däl bolsa, onuň ýerine başga bir serwer ulanylmagy mümkin.

S: Näme üçin "birikme şowsuz" habaryny gaýta-gaýta görýärin?

J: "Birikme şowsuz" habaryny gaýta-gaýta görseňiz, müşderiňiziň bilýän elýeterli serweriniň ýokdugyny aňladýar. Täze Psiphon 3 müşderisini göçürip alyp, synanyşyp görüň.

S: Täze Psiphon 3 müşderisini nädip almaly?

J: get@psiphon3.com salgysyna ýa-da häzirki Psiphon 3 müşderiňizi almakda peýdalanylan e-poçta salgysyna e-poçta iberiň.

S: Mende häzirki wagtda bar bolan Psiphon 3 wersiýasyny nädip barlap bilerin?

J: Psiphon 3 işläp başlanynda, birinji setirde müşderi wersiýasyny görkezýär.

S: "psiphon3.exe.orig" faýly näme?

J: Windows üçin Psiphon 3-iň içindäki awtomatiki täzelenme amaly onuň köne wersiýasynyň adyny "psiphon3.exe.orig" edip üýtgedýär. Soňy ".orig" bilen gutarýan köne faýllary arkaýyn ýoklap bolýar.

S: Windows üçin Psiphon 3 internetden gelýän we gidýän zatlaryň ählisini amala aşyrýarmy?

J: Diňe VPN rejesinde şeýdýär. VPN rejesinde birikme şowly amala aşyrylanyndan soň kompýuteriňize gelýän we gidýän zatlar tutuşlygyna Psiphon 3 torunyň üstünden geçýär. SSH rejelerinde diňe HTTP we SOCKS proksilerini ulanýan amaly programmalara gelýän we gidýän zatlar amala aşyrylar.

S: Windows üçin Psiphon 3 IE, Firefox, Safari we Chrome web brauzerleri bilen utgaşykly işleýärmi?

J: Hawa. SSH rejelerinde brauzeriňiziň sazlamalaryny barlaň we ulgamyň proksi sazlamalaryny ulanmaga düzülendigine göz ýetiriň.

S: VPN rejesinde haýsydyr bir port çäklendirmesi barmy? Näme üçin VPN rejesinde poçta müşderimi ulanmak arkaly e-poçta iberip bilemok?

J: Windows VPN üçin Psiphon 3-den çykyş birikmelerini diňe şu portlarda edip bolýar: 53, 80, 443, 554, 1935, 7070, 8000, 8001, 6971-6999. Has giňişleýin maglumat üçin şu çekeleşige serediň. Poçta müşderileri 25 we 587 belgili portlardan çykyş birikmelerini amala aşyryp bilmeýärler. Has giňişleýin maglumat üçin şu çekeleşige serediň.

S: Windows üçin Psiphon 3 haýsy VPN protokolyny ulanýar? Men näme üçin birigip bilemok?

J: Psiphon L2TP/IPSec VPN protokolyny ulanýar. Toruňyzyň gorag diwary VPN-leriň ulanylmagyna rugsat bermän biler, IPSec ýa-da L2TP geçişine rugsat berlendigini anyklamak üçin gorag diwary sazlamalaryňyzy barlaň. Ulgamyňyzyň IPSec hyzmatlary işlemeýän edilen bolmagy mümkin, hyzmatyňyzyň sazlamalaryny barlaň we bu hyzmaty awtomatiki başlar ýaly işjeňleşdiriň.

S: Windows üçin Psiphon 3-e VPN rejesinde birigip bilýärin, ýöne bu şeýle haýalmy? Kämahal web sahypalary düýbünden ýüklenenok.

J: Belli tor enjam üpjünçiligi ýa-da internet birikmeleri Psiphon 3 tarapyndan VPN rejesinde ulanylýan L2TP/IPSec protokolynyň öndürijiligini peseldip biler. Onuň ýerine SSH rejelerini ulanyp görüň.

S: Windows üçin Psiphon 3-e VPN rejesinde birigenimde web sahypalarymyň hijisi ýüklenenok. Domene göz aýlamagyň şowsuzdygy barada säwlik habarlaryny alýaryn.

J: Psiphon 3 ak sanawdaky barlanan DNS serwerlerine DNS akymyny çäklendirýär. Psiphon 3 müşderisi VPN DNS serweri sazlamalaryňyzy awtomatiki düzýär. DNS bilen baglanyşykly säwlik ýüze çykýan bolsa, DNS serwer sazlamalaryňyzy üýtgetmäge synanyşýan "DNS üýtgediji" zyýanly programma üpjünçiliginiň ýokaşmandygyny barlaň. Has giňişleýin maglumaty şu ýerden tapyp bilersiňiz.

S: SSH rejelerinde Psiphon 3 ötügini ulanar ýaly amaly programmalary nädip düzüp bilerin?

J: Psiphon 3 127.0.0.1:8080-de ýerli HTTP/HTTPS proksi we 127.0.0.1:1080-de ýerli SOCKS proksi ulanmak üçin ulgamyňyzy awtomatiki düzer. Ulgam proksi sazlamalaryny ulanýan Windows amaly programmalary awtomatiki proksi ediler. Beýleki amaly programmalar şu ýerli proksileri ulanar ýaly olary elde düzüp bilersiňiz. Windows üçin Psiphon 3 hem (SSH rejeleri), Android üçin Psiphon 3 hem şu ýerli proksileri işledýär.

S: SSH+ rejesi näme?

J: Protokolyň barmak yzy alynmagyna garşy goramak üçin SSH tassyklaýyşynyň üstünde perde gatlagynyň goşulmagy bilen emele gelen SSH rejesi. Protokolyň düşündirilişini şu ýerde tapyp bilersiňiz.

S: Windows üçin Psiphon 3-de SSH rejesinde "Polipo bilen birikme şowsuz" säwlik habaryny görýärin. Näme edip bilerin?

J: Ýerli HTTP proksisi işläp bilenok. Öňünden kabul edilen porty ulanýan başga bir amalyň işläp duran bolmagy mümkin. Başga bir port ulanyp görüň. Serediň "S: Ýerli HTTP proksisini 8080-den başga portda işledip bilerinmi?"

S: Ýerli HTTP proksisini 8080-den başga portda işledip bilerinmi?

J: Hawa, Windows-da işledip bilersiňiz. "Işlet"-e basyň, Hasaba alyş redaktirleýjisini açmak üçin "regedit" diýip ýazyň. "HKEY_CURRENT_USER\Software\Psiphon3" tapyň we açyň, sag tarapda "UserLocalHTTPProxyPort" görersiňiz. Onuň bahasyny ulanmak isleýän port belgiňiz (onluk san) edip sazlaň.

S: AutoProxy ulanýaryn. Ulgamyň proksi sazlamalaryny düzmeli däldigini Windows üçin Psiphon 3-e nädip mälim edip bilerin?

J: "Işlet"- basyň, Hasaba alyş redaktirleýjisini açmak üçin "regedit" diýip ýazyň. "HKEY_CURRENT_USER\Software\Psiphon3" tapyň we açyň, sag tarapda "UserSkipProxySettings" görersiňiz. Şu bahany 1 edip sazlaň, onsoň Psiphon 3 ulgamyň proksi sazlamalaryny awtomatiki düzmez.